Sowadyjy ammar

Güneşli ülkämizde hasylyň ýetişýän döwri, daýhanlarymyzdan miweleri we gök-bakjalary satyn alynyp, soňra olary arassalamak, saýhallamak we döwrebap gaplara gaplamak işleri geçirilip içerki bazarlarymyza hödürlenýär. 

Şeýle-de önümleriň belli bir mukdary, Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan gurulyp ulanylmaga berlen energiýa tygşytlaýjy innowasýon tehnologiýala ornaşdyrylan 1000 (bir müň) tonnalyk sowadyjy ammarlar toplumymyzda uzak möhletleýin saklanyşa ýerleşdirilýär. Şeýlelik bilen ýylyň ähli paslynda bazarlarymyzyň ter miwe we gök-bakja önümleri bilen bolçulygyny döretmeklige özüniň goşandyny goşýar.

Içerki söwda

Bazarlarmyzy ter we ýokary hilli miwe hem-de gökja-bakja ekinleri bilen üpjün etmeklik, biziň öňümizde goýýan esasy wezipelerimiziň biridir. Ýurdumyzda hasylyň ýetişýän döwri, daýhanlar bilen el-ele berilip ysnyşykly işleşilýär we olaryň ýetişdiren önümleri kärhanamyz tarapyndan satyn alynyp, hiline görä saýhallanyp, döwrebap gaplara gaplanyp bazarlarmyza hödürlenýär.

Daşarky söwda

Eksport - Ýurdumyzda ýetişýän gök-miwe önümlerimiziň aýratyn tagamy bilen tapawutlanýandygy üçin birnäçe goňşy döwletlerimiz hem biziň gök-önümlerimize uly isleg bildirýärler. Şonuň üçin hem biziň “Miweli Ulke” hususy kärhanamyz ýurdumyzda telekeçiler üçin döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp gök-miwe önümlerimizi goňşy döwletlere eksport etmegi uly maksat edinýäris.

Import - Şeýle hem, Ekwador, Kosta-Rika, Türkiýe, Bolgariýa, Birleşen arap emirlikleri, Günorta Afrika döwletleri, Müsür ýaly ýurtlardan alma, armyt, banan, sitruslaryň dürli görnüşleri, subtropiki we ekzotik ir-iýmişler ýaly önümler kärhanamyz tarapyndan ýurdumyza import etmek bilen bazarlarmyzyň miwe bolçulygyny üpjün edýäris.

Logistika

“Miweli Ülke” hususy kärhanasy ýurdumyzda öz alyp barýan işleriniň ählisiniň logistika işlerini gurnamak üçin hem ýeterli derejede awtoulaglara we tehnikalara eýe. Kärhanamyzyň düzüminde sowadyjyly we sowadyjysyz ençeme ýük awtoulaglary, ýeňil awtoulaglary hereket edýär. Mundan başga hem, alyp barýan gurluşyk we gurnama işlerimiziň logistika işini amala aşyrmak maksatly kärhanamyzda ençeme gurluşyk tehnikalary we gurluşyk ýüklerini daşamak üçin ulanylýan ýük awtoulaglary hem işleýär.

Gurluşyk

Mary welaýatynyň Mary şäherindäki “Miweli ülke” hususy kärhanasyna 2020-nji ýylyň 14-nji fewralynda 6-22-25-7260 belgili gurluşyk işlerini amala aşyrmak üçin Ygtyýarnama berildi. Berlen Ygtyýarnama laýyklykda kärhanamyz birnäçe desgalaryň (şol sanda: “Miweli ülke” HK-nyň ýerleşdirilmeli gök-bakja, miwe, et we süýt önümlerini saklamaga niýetlenen sowadyjy ammaryň hem-de gaýtadan işleýän önümçilik toplumynyň, Telekeçi Gurbanmuhammedow Maksatmyradowa degişli “Önümçilik sehini, ammar we bassyrma binalarynyň”, Telekeçi Gurbanmuhammedow Çaryýara degişli “Köpugurly azyk önümlerini we ýeralmadan çipsileri öndürýän önümçilik toplumynyň”) gurluşygyny alyp barýar.