Sowadyjy ammar

Güneşli ülkämizde hasylyň ýetişýän döwri, daýhanlarymyzdan miweleri we gök-bakjalary satyn alynyp, soňra olary arassalamak, saýhallamak we döwrebap gaplara gaplamak işleri geçirilip içerki bazarlarymyza hödürlenýär. 

Şeýle-de önümleriň belli bir mukdary, Ýewropanyň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan gurulyp ulanylmaga berlen energiýa tygşytlaýjy innowasýon tehnologiýala ornaşdyrylan 1000 (bir müň) tonnalyk sowadyjy ammarlar toplumymyzda uzak möhletleýin saklanyşa ýerleşdirilýär. Şeýlelik bilen ýylyň ähli paslynda bazarlarymyzyň ter miwe we gök-bakja önümleri bilen bolçulygyny döretmeklige özüniň goşandyny goşýar.

10212 tonnalyk sowadyjy ambaryň gurluşygy

Mary şäheriniň Baýramhan köçesiniň ugrunda gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan, önümçilik kuwwaty bir wagtyň özünde 10212 (on müň iki ýüz) tonna mukdardaky gök we bakja önümlerini saklamaga hem-de olary arassalamak, sortlamak we gaplamak şeýle hem gaýtadan işlemek mümkinçiliklerini berýän Ýewropanyň ösen öndürijileri tarapyndan energiýa tygşytlaýjy innowasýon tehnologiýalar enjamlaşdyrylmaly sowadyjy ammarlar toplumy.

Banan we sitrus miwelerini ýetişdirmek üçin ýyladyşhana

“Miweli Ülke” hususy kärhanasy Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň ýerlerinden 50 ga ýer bölegi berildi we banan we sitrus miwelerini ýetişdirmek üçin niýetlenen döwrebap ýyladyşhanasynyň ýer gurluşygy işleri  alynyp barylýar.