

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 21-nji oktýabryndaky “Mary welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlary hakynda” çykaran 11878 belgili Karary esasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy telekeçi Gurbanmuhammedow Maksatmyrat Muhammetmyradowiç tarapyndan 1000 tonna et, süýt, miwe, gök we bakja önümlerini saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarynyň 2016-njy ýylda gurluşygy tamamlanyp ulanylmaga başlanyldy we häzirki wagtda ady agzalan desga doly güýjünde işlemek bilen halkymyza hyzmat edýär. Sowadyjy ammarda döwrebap ýewropanyň ösen tehnologiýalary bilen utgaşýan ýokary hilli enjamlaryň gurnalmagy netijesinde halkymyzy ýylyň ähli pasylynda ter miwe, gök we bakja önümleri bilen üpjün etmek mümkinçiligi bar.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 08-nji iýulyndaky “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny tassyklamak hakynda” № 179 belgili Kararyna laýyklykda Maksatnamanyň sanawyna girizilmegi esasynda “Miweli ülke” hususy kärhanasy Mary welaýatynyň Mary şäheriniň çäginde sygymy 21 200 tonna bolan “Azyk önümlerini saklamak üçin sowadyjy ammarlary gurmak” desgasynyň taslama-çenlik resminamalaryny jemläp, gurluşyk-gurnama işlerini döwrebap ösen tehnologiýalardan ugur alyp, ýokary hilli ýerine ýetirmegi meýilleşdirýär.
10212 tonnalyk sowadyjy ambaryň gurluşygy Mary şäheriniň Baýramhan köçesiniň ugrunda gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýan, önümçilik kuwwaty bir wagtyň özünde 10212 (on müň iki ýüz) tonna mukdardaky gök we bakja önümlerini saklamaga hem-de olary arassalamak, sortlamak we gaplamak şeýle hem gaýtadan işlemek mümkinçiliklerini berýän Ýewropanyň ösen öndürijileri tarapyndan energiýa tygşytlaýjy innowasýon tehnologiýalar enjamlaşdyrylmaly sowadyjy ammarlar toplumy
