Içerki söwda
Bazarlarmyzy ter we ýokary hilli miwe hem-de gökja-bakja ekinleri bilen üpjün etmeklik, biziň öňümizde goýýan esasy wezipelerimiziň biridir. Ýurdumyzda hasylyň ýetişýän döwri, daýhanlar bilen el-ele berilip ysnyşykly işleşilýär we olaryň ýetişdiren önümleri kärhanamyz tarapyndan satyn alynyp, hiline görä saýhallanyp, döwrebap gaplara gaplanyp bazarlarmyza hödürlenýär.
Daşarky söwda
Eksport - Ýurdumyzda ýetişýän gök-miwe önümlerimiziň aýratyn tagamy bilen tapawutlanýandygy üçin birnäçe goňşy döwletlerimiz hem biziň gök-önümlerimize uly isleg bildirýärler. Şonuň üçin hem biziň “Miweli Ulke” hususy kärhanamyz ýurdumyzda telekeçiler üçin döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp gök-miwe önümlerimizi goňşy döwletlere eksport etmegi uly maksat edinýäris.
Import - Şeýle hem, Ekwador, Kosta-Rika, Türkiýe, Bolgariýa, Birleşen arap emirlikleri, Günorta Afrika döwletleri, Müsür ýaly ýurtlardan alma, armyt, banan, sitruslaryň dürli görnüşleri, subtropiki we ekzotik ir-iýmişler ýaly önümler kärhanamyz tarapyndan ýurdumyza import etmek bilen bazarlarmyzyň miwe bolçulygyny üpjün edýäris.
Banan we sitrus miwelerini ýetişdirmek üçin ýyladyşhana
“Miweli Ülke” hususy kärhanasy Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň ýerlerinden 50 ga ýer bölegi berildi we banan we sitrus miwelerini ýetişdirmek üçin niýetlenen döwrebap ýyladyşhanasynyň ýer gurluşygy işleri alynyp barylýar.